Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasyna gatnaşýar

  • 26.01.2026 17:25
  • 4.1k+

26-njy ýanwarda Özbegistanyň paýtagtynda 45 döwletden wekiliýetleriň gatnaşmagynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär.
Bu halkara sport çäresinde Türkmenistana ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet wekilçilik edýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesini Allaberdi Saparow ýerine ýetirýär.
Assambleýanyň gün tertibindäki iň möhüm meseleleriň biri Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň täze prezidentini saýlamak boldy. Bu wezipä ýeke-täk dalaşgär hökmünde Kataryň Olimpiýa komitetiniň prezidenti şeýh Joaan bin Hamad Al Tani hödürlendi. Saýlawlar guramanyň häzirki prezidenti, hindistanly Raja Randhir Singhiň saglyk ýagdaýy sebäpli öz wezipesini dowam etdirip bilmezligi sebäpli geçirilýär.
Forumyň dowamynda gatnaşyjylar Aziýada sportuň 2028-nji ýyla çenli ösüş meýilnamalary, sport guramalarynyň işine sanly çözgütleri ornaşdyrmak we Olimpiýa hereketinde ýaşlaryň tutýan orny ýaly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşýar.
Assambleýanyň öňüsyrasynda Daşkentde Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji býurosynyň 106-njy mejlisi geçirildi. Assambleýanyň dowam edýän günleri şäherde dopinge garşy göreş boýunça halkara maslahatlar hem geçirilýär, wekiliýetler bolsa Daşkent şäheriniň ajaýyp sport we medeni desgalaryna aýlanyp görýär.


düýn 20:10
5.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......