Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi

  • 26.01.2026 14:28
  • 8.3k+

Şu gün dünýä biržalarynda altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, duşenbe güni irden gymmat bahaly metal bir unsiýa üçin 5100 dollar derejesinde satyldy.
Maglumatlara görä, bahalaryň ýokarlanmagy dünýäde geosyýasy dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen baglanyşykly. Analitikler durnuksyzlyk döwründe maýadarlaryň, adatça, altyna gorag aktiwi hökmünde seredip, ony işjeň satyn alýandygyny belleýär.
Islege ABŞ-nyň Hytaý bilen şertnama baglaşan ýagdaýynda Kanadadan importa 100 göterim paç girizip biljekdigi barada aýtmagy hem goşmaça täsir etdi.
2025-nji ýylda altynyň bahasy ABŞ-nyň pul-karz syýasatynyň gowşadylmagy, Hytaýyň Merkezi banky tarapyndan islegiň bolmagy we maýadarlaryň gymmat bahaly metallara gyzyklanmasynyň artmagy esasynda 64% ýokarlandy. 


düýn 15:48
3.9k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......