«Galkynyş» topary Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynda halkara şahadatnamalara mynasyp boldy

  • 26.01.2026 11:40
  • 2.7k+

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary sirk sungatyny ösdürmäge goşan goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Gowşurylyş dabarasy 16-25-nji ýanwar aralygynda Monte-Karlo şäherinde (Monako Knýazlygy) geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde boldy diýip, TDH habar berýär.
Toparyň ýolbaşçylary bu abraýly festiwala hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşdylar. Bu festiwal 1974-nji ýyldan bäri geçirilýär we sirk sungatynyň äleminde iň abraýly çäreleriň biri hasaplanýar.
Türkmenistandan halkara çärä Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi – topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory Serdar Gurbangulyýew gatnaşdy.
Ýatlap geçsek, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary mundan ozal hem ýokary halkara baýraklaryna ençeme ýola mynasyp bolupdy. Topar 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Gran-pri baýragyny we ýörite baýraklary alypdy. Şeýle-de, topar dürli ýyllarda Moskwada, Italiýada, Hytaýda, Gyrgyzystanda we Sankt-Peterburgda geçirilen abraýly sirk festiwallarynyň baýrak eýesi bolupdy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......