Netflix boksçy Saul «Kanelo» Alwares barada film taýýarlaýar

  • 26.01.2026 09:29
  • 3k+

Netflix boks boýunça dünýäniň öňki absolýut çempiony Saul «Kanelo» Alwares barada doly göwrümli dokumental filmi çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.
Filmiň önümçiligi bilen «Golden Steýt» klubunyň basketbolçysy Stefen Karri tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan «Unanimous Media» kompaniýasy meşgullanar. Režissýor wezipesine Huan Kamilo Krus bellenildi.
Eseriň esasy mowzugy Kanelo bilen Gennadiý Golowkiniň arasynda bolan hem professional boks dünýäsinde uly gyzyklanma döreden üç sany tutluşyk (trilogiýa) hakynda bolar.
Ozal habar berlişi ýaly, Alwaresiň indiki tutluşygyny 12-nji sentýabrda Er-Rýad şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Boksçynyň garşydaşynyň ady soňrak yglan ediler.


düýn 14:53
7.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......