Epic bilen Google assyrynlyk bilen 800 million dollarlyk şertnama baglaşdylar

  • 26.01.2026 08:45
  • 1.4k+

Epic Games we Google kompaniýalary Unreal Engine oýun hereketlendirijisini (dwižogyny) hem-de hyzmatlaryny bermek barada 800 million dollarlyk ylalaşyga geldiler. Bu barada San-Fransiskonyň okrug kazyýetinde mälim boldy, diýip The Verge neşiri habar berýär.
Kaliforniýanyň kazysy Jeýms Donatonyň gürrüň bermegine görä, şertnamanyň şertlerine laýyklykda, Epic kompaniýasy Google tarapyna Android ulgamyny öňe ilerletmäge kömek eder, Google bolsa, öz gezeginde, Epic kompaniýasynyň esasy tehnologiýalaryny ulanyp başlar.
Şol bir wagtyň özünde, kazy taraplara ylalaşygyň jikme-jiklikleriniň uly bölegini gizlin saklamaga rugsat berdi.
Diňlenişigiň dowamynda Donato Epic kompaniýasynyň baş direktory Tim Suiniden we ykdysady ekspert Dug Bernhaýmdan bu şertnamanyň iki kompaniýanyň arasyndaky dawany çözmek baradaky gepleşiklere nähili täsir edip biljekdigini soraşdy. Suini bu ylalaşygyň metaälem (metaverse) bilen baglydygyny, munuň bilen bolsa, köp ulanyjyly Fortnite oýunyny göz öňünde tutýandygyny düşündirdi. Şeýle-de ol ençeme kompaniýalaryň  Epic-iň tehnologiýalaryny öz önümlerini ösdürmek üçin ulanylýandygyny belledi. Şeýle diýmek bilen ol, Google kompaniýasynyň hem Unreal Engine dwigatelini has giňden ulanyp biljekdigini aýtdy, ýöne gizlinligi saklamak üçin jikme-jiklikleri aýan etmedi.
Kazy Epic kompaniýasynyň alty ýylyň dowamynda Google tarapyndan hödürlenýän atsyz hyzmatlary satyn almak üçin 800 million dollar sarp etjekdigini takyklady. Şertnamada önümleri bilelikde işläp düzmek göz öňünde tutulmaýar.
Geçen ýylyň noýabr aýynda kompaniýalar Google Play düzgünlerine giriziljek üýtgetmeler barada ylalaşypdylar, dekabrda bolsa Fortnite oýny programmalar dükanyna gaýdyp geldi.
«Men Epic-iň Google tarapyna, gideren öňki mümkinçiligine görä has güýçli bäsleşigi höweslendirmek üçin pul tölemeginde bikanun hiç zat görmeýärin» diýip, Suini düşündirýär.


düýn 16:45
855

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 14:40
2.4k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......