Robbi Willýams täze «Britpop» albomy bilen The Beatles toparynyň rekordyny täzeledi

  • 25.01.2026 17:29
  • 1.2k+

Britaniýaly aýdymçy Robbi Willýamsyň täze «Britpop» albomy Official Albums Chart Top 100-de birinji orny eýeledi we onuň bu çartda ilkinji setirde durýan 16-njy albomy boldy. Şunlukda, ol 15 albomy bilen iňlis hit-paradynda öňdeligi saklap gelen The Beatles toparynyň rekordyndan hem öňe geçdi. 
Ilkibaşda «Britpop» 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykmalydy. Ýöne Teýlor Swiftiň täze albomy bilen bäsdeşlikden gaça durmak üçin aýdymçy ony 2026-njy ýylyň fewralyna süýşürdi. Muňa garamazdan, albom 16-njy ýanwarda çykaryldy we Robbi Willýamsy uzak wagtlap ýetip bilmedik maksadyna ahyrsoňy ýetirdi.
Aýdymçy karýerasyna «Take That» oglanlar toparynda başlady we soňra kompozitor Gaý Çembers bilen birnäçe hit döredip, ýekelikde çykyş etdi. 1990-njy ýyllarda onuň aýdymlary radioda we hit-paradlarda britpop toparlary bilen bäsleşdi. Wagtyň geçmegi bilen, Robbi özüni diskodan swinge çenli dürli žanrlarda synap başlady we 2024-nji ýylda «Be Better» («Gowusy bolmak») atly mýuzikl-filmi çykardy.
Willýams rekord derejeli üstünligini özüçe şeýle suratlandyrýar:
«Bu – ajaýyp. Men hemişe öz üstünligimi Stok-on-Trentden Aýa çenli süýndirilen  rezin lenta bilen deňeşdirýärdim. Indi bolsa, ol Wenera deňiç ýeten ýaly».
Aýdymçy öň «galp kişi» sindromyndan (öz ukyp-başarnygyna ynanman, üstünligi şowlulygyň ýa-da daşky ýagdaýlaryň netijesi hasaplaýan we obýektiw subutnamalara garamazdan, hemişe başarnyksyz körzehin hökmünde paş edilmekden gorkup ýaşaýan adamyň psihologik hadysasy) ejir çekendigine garamazdan, bu sepgidi «karýerasyndaky iň möhüm zat» bolandygyny boýun alýar.


11.06.2026 10:59
7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 16:29
4k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....