Tbiliside türkmen-gruzin parlamentara gepleşiklerini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 25.01.2026 05:29
  • 1.3k+

23-nji ýanwarda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy D.Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar parlament ugry boýunça türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyň işjeň ösýändigini aýratyn bellediler. Munuň bilen birlikde, birek-birege bolan ynamy berkitmäge we tejribe alyşmaga ýardam berýän ýokary derejeli saparlaryň hem-de parlament deputatlarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Parlamentara dostluk toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

 


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......