Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi

  • 24.01.2026 15:54
  • 3.8k+

Geçen ýyl Günde dörän tegmil toplumlarynyň arasynda iň ulusy «hiç zat galmazdan diýen ýaly» ýitdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Gürrüň 4294-4296-4298 belgili Gün tegmilleriniň toplumy barada barýar – olar noýabryň ahyrynda Gün diskiniň görünýän tarapyna çykdy. Olardan iň ulularyň göwrümi Ýeriň diametrinden birnäçe esse uludy.

Dekabryň başynda tegmiller toplumy Gün – Ýer merkezi çyzygyndan geçip, adatdan daşary asuda ýagdaýda galdy. Iň ýokary derejesinde onuň meýdany, takmynan, 2300 birlige (Gün ýarym şarynyň milliondan bir bölegi) ýetdi – bu taryhda iň uly görkezijileriň biri.

«Deňeşdirip görsek, geçen hepde güýçli hadysalary, şol sanda XXI asyrda iň uly radiasiýa tupanyny döreden 4341 sebitiniň meýdany şol wagt bary-ýogy 500 birlige deňdi» – diýip, alymlar düşündirýär.

Adatça, tegmilleriň sanynyň azalmagy alawlamalaryň sanynyň azalandygyny ýa-da olaryň düýbünden ýokdugyny aňladýar.
Şol bir wagtyň özünde, RYA-nyň Kosmos gözlegleri instituty ýiten tegmiller toplumynyň bir gezek hem uly zyňyndylara sebäp bolmandygyny – ähli energiýanyň we massanyň Gün tarapyndan özüne siňdirilendigini belledi.

 


22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

26.02.2026 16:54
5.5k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

18.02.2026 09:22
4.4k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...