Türkmenistanyň Prezidenti SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylary gutlady

  • 21.01.2026 10:24
  • 3.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady foruma gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy bolan SPEKA hepdeliginiň çäklerinde Aşgabatda geçirilýän Ykdysady forumyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.
«Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän Ykdysady forum Türkmenistanyň SPEKA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk hem ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder» diýlip, hatda bellenilýär.
Şeýle hem gutlagda agza döwletleriň SPEKA-nyň iş gerimini giňeltmegi, ýagny onuň çägine elektron söwda, sanlylaşdyrma, «ýaşyl» ösüş, Hazarüsti sebitinde we onuň çäklerinde daşary energetika özara baglanyşygy hem-de Ýewraziýa sebitinde ulag baglanyşygy boýunça taslamalary girizmegi goldaýandyklary, Türkmenistan SPEKA-nyň 2025-nji ýyldaky başlygy hökmünde harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýumlaryň we innowasiýalaryň netijeli sebit bazaryny döretmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürendigi nygtalýar.
Netijeli häsiýete eýe boljak bu forumyň dialogy ilerletmek, tagallalary birleşdirmek, strategiýalary işläp taýýarlamak we olaryň ýerine ýetirilmegi üçin iş meýilnamalaryny düzmek üçin giň mümkinçiligi döretjekdigi, SPEKA tarapyndan kabul edilen strategik resminamalaryň ýerine ýetirilişini gözden geçirmek, olary has giň gerimde durmuşa geçirmek, hususan-da 2030-njy ýyla çenli SPEKA-nyň ösüş konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak ýaly Türkmenistanyň umumy maksatlaryna laýyk gelýändigi hem hatda beýan edilýär.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......