Alymlar ilkinji gezek ösümlikleriň nädip dem alýandygyny görkezdiler

  • 21.01.2026 10:16
  • 5k+

Illinoýs uniwersitetiniň alymlary ösümlikleriň hakyky wagtda dem alyş prosesini görkezmegi başardy. Haýran galdyryjy kadrlar Live Science neşirinde hödürlendi.

Ylmy gözlegçiler syn etmek üçin Stomata in-sight ady bilen ýörite gural döretdi. Ol ösümlikleriň nädip kömürturşy gazyny özüne siňdirip, suw buguny çykarýandygyny görmäge mümkinçilik berýär. Bu proses, köplenç, ösümlikleriň «agzy» diýlip atlandyrylýan ýapraklaryň üstündäki mikroskopik deşikler – agyzjyklar arkaly bolup geçýär.
Her bir agyzjyk aýratyn öýjükler bilen gurşalandyr. Olar giňelip we gysylyp, şeýlelik bilen deşikleri açyp ýa-da ýapyp bilýär. Mehanizmiň özüniň mälimdigine garamazdan, alymlar häzire çenli nädip aýry-aýry agyzjyklaryň bu prosesi ylalaşykly dolandyryp bilýändigine doly düşünip bilenok.
Stomaya in-sight guraly mikroskopy, gaz çalşygyny ölçeýiş ulgamyny we maşyn bilimini ulanyp, şekilleriň seljermesini özüne birleşdirýär. Ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri, biolog Endrýu Likiň aýtmagyna görä, ulgam kömürturşy gazynyň we suwuň akymlaryny ölçemek arkaly birbada müňlerçe agyzjygyň işine baha bermäge mümkinçilik berýär.
Tejribeleriň dowamynda kiçiräk ýaprak bölekleri gözegçilikde saklanýan şertler bilen ýörite kamera ýerleşdirilýär. Alymlar temperaturany, çyglylygyň derejesini we beýleki parametrleri üýtgedip, agyzjyklaryň muňa nähili reaksiýa berýändigine syn edip bilýär. Mikroskop bolup geçýän zatlary ýazga alýar, maşyn biliminiň algoritmleri bolsa alnan şekillerde agyzjygy tanap, olaryň özüni alyp barşyny yzarlaýar.

«Bize agyzjyklaryň nähili işleýändigine has gowy düşünmek örän möhüm. Men we beýleki köp alymlar has ýokary hilli ekinleri, aýratynam, az suw talap edýän ekinleri almak üçin seleksiýanyň we biotehnologiýanyň kömegi bilen agyzjyklaryň işleýşini üýtgetmegiň ýollaryny tapmaga çalyşýarys» – diýip, Liki belledi. 


düýn 22:30
890

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....