Alymlar uçuşdan soň astronawtlaryň beýnisiniň formasynyň üýtgeýändiginiň üstüni açdylar

  • 16.01.2026 15:12
  • 3.5k+

Kosmosa uçuş astronawtlaryň bedenine täsir edip, olaryň myşsalarynyň ýitmegine, süňk dykyzlygynyň peselmegine we suwuklyk hem elektrolit deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär. Emma bu-da hemmesi däl. Alymlar mikrograwitasiýanyň täsirlerini öwrenenlerinden soň, älem giňişligine uçuşyň astronawtlaryň beýnisiniň gurluşyna täsir edýändigini-de anykladylar.

Ýeriň üstünde grawitasiýa beýnini durnukly saklaýar we beýni-oňurga suwuklygy ony öçmekden goraýar. Grawitasiýanyň ýok ýerinde beýni ýokary süýşýär. Geçirilen täze seljerme şeýle ýagdaýda käbir ýeri gysylyp, käbir ýeri dartylan beýniniň deformasiýa sezewar bolýandygyny görkezdi.
Florida uniwersitetiniň Reýçel Zeýdleriň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary 26 astronawtyň Halkara kosmos stansiýasyna uçuşynyň öňünden hem soňundan düşürilen MRT barlaglaryny, şeýle-de 60 günläp başaşak oturan 24 meýletinçiniň ýagdaýyny öwrendiler. Beýni üýtgeşmesi iki toparda hem ýüze çykaryldy, ýöne ol astronawtlaryňkyda has äşgär göründi. Üýtgeşme aýratyn hem kosmosda has köp wagt geçirenlerde ýiti duýuldy. Hatda ýylboýy uçuşda bolanlaryň beýnisiniň hereket gatlagynyň takmynan 2,5 mm süýşendigi belli boldy.
Şonuň ýaly-da, deformasiýanyň ýaýraýşy hem deň bolmady. Gysylma beýniniň hem ýokarky, hem arka böleklerine täsirini ýetirdi.


08.06.2026 16:45
3.7k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.6k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....