Koreýaly alymlar aýna ýaly agaçdan penjire ýasadylar. Ol ultramelewşe şöhleleri saklaýar we ýagtylygy kadalaşdyrýar

  • 16.01.2026 15:07
  • 2.4k+

Günorta Koreýanyň Hanbat Milli uniwersitetiniň we Konju Milli uniwersitetiniň ylmy işgärleri elektrik toguna birikdirilmezden ýagtylyk derejesini özbaşdak kadalaşdyrmaga we  ultramelewşe şöhlelerinden goramaga ukyply akylly penjire döretdiler.

Penjire işlenen dykyz hilli agaçdan we polimer bilen ýaýradylan suwuk kristallardan ybarat kompozit materialdan ýasaldy. Daşky gurşawyň temperaturasyna baglylykda durkuny üýtgedýän penjire otag temperaturasynda düşýän ýagtylygyň takmynan 28% -ini geçirýär. 40°C-a çenli gyzgynlykda onuň ýagtylyk geçirijiligi 550 nanometr tolkun uzynlygynda 78% -e çenli ýokarlanýar.
Laboratoriýa synaglary ýalpyldawuk agaçlaryň ultramelewşe şöhleleriniň tas 100%-ini saklaýandygyny görkezdi. Bu täsir, materialyň molekulýar gurluşynyň J-agregasiýa diýlip atlandyrylýan aýratyn bölegi bilen baglanyşyklydyr. Täze penjiräniň ýylylyk geçirijiligi 0,197 W/m K bolup, bu adaty aýnanyňkydan bäş esse pesdir.
Hanbat Milli uniwersitetiniň doktory Jin Kimiň aýtmagyna görä, pes ýylylyk geçirijiligi ýylylygyň gyşdaky ýitgisini we tomusdaky artykmaçlygyny ep-esli azaldýar. Temperatura peselende, material otaga ýagtylygy ýaýratsa, gije, tersine, otagy garaňkyladýar. 
Öndürijiler bu tehnologiýanyň awtomatik Gün şöhlesine uýgunlaşdyrylan ýyladyşhanalarda, şeýle hem lukmançylykda, bedeniň temperaturasy 38°C-den ýokary galanda ýalpyldysyny üýtgedýän plastyrlary döretmek üçin ulanmagyň mümkindigini belleýärler.


17.05.2026 11:49
2.5k+

Täze ýüpek materialy 6G tehnologiýasynda ulanmak  teklip edildi 

Barlagçylar 6G ulgamlarynda, sensorlarda we telekommunikasiýa böleklerinde ulanylyp bilinjek täze, ýüpek esasly material işläp düzdüler. Bu tehnologiýanyň dokma galyndylaryny azaltmakda hem peýdalydygy göz......

16.05.2026 07:49
1.6k+

Seulda robot şüweleňleri we emeli aň attraksionlary bolan täze seýilgäh açyldy

Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde «Galaxy Robot Park» atly täze göwün açyş seýilgähi işe başlady. Bu ýerde gelýänlere adampisint robotlaryň şüweleňi, K-pop konsertleri we çagalar hem-de maşgalalar üçin......

10.05.2026 20:12
5.5k+

Günorta Koreýada robot ilkinji gezek budda keşişi hökmünde kabul edildi

Golaýda Seulyň Çoge Ordeniniň ybadathanasynda täsin dabara boldy. Günorta Koreýanyň 1200 ýyllyk taryhy bolan iň iri dini jemgyýetiniň hataryna ilkinji gezek adampisint robot resmi taýdan keşiş hökmünde kabul......

26.04.2026 09:45
5.2k+

Bilermenler emeli aň modelleriniň medeni tarapgöýlügine ünsi çekýärler

Emeli aň gündelik durmuşymyzda maglumat gözlemekden başlap, resminamalary taýýarlamaga çenli örän işjeň ulanylýar. Emma bilermenler köp adamyň üns bermeýän bir möhüm meselesine ünsi çekmek bilen, bu ulgamlaryň......