Günorta Koreýada robot ilkinji gezek budda keşişi hökmünde kabul edildi

  • 10.05.2026 20:12
  • 5.6k+

Golaýda Seulyň Çoge Ordeniniň ybadathanasynda täsin dabara boldy. Günorta Koreýanyň 1200 ýyllyk taryhy bolan iň iri dini jemgyýetiniň hataryna ilkinji gezek adampisint robot resmi taýdan keşiş hökmünde kabul edildi. Bu barada Yonhap neşiri habar berýär.

Dini jemgyýetiň wekilleriniň pikiriçe, bu waka tehnologiýalaryň asyrlar aşyp gelýän medeni däp-dessurlara uýgunlaşýan döwründe, maşynlar bilen adamlaryň bilelikdäki ýaşaýyşynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar.

Boýy 1,3 metr bolan we Gabi (rehimdarlyk) atly robot ýörite «päklenme» dessuryndan geçdi. Däp bolan tütetgi tütetmek dessurynyň ýerine, robota 108 sany düwmeli doga tesbisi dakyldy.

Dabaranyň dowamynda Gabi Buddanyň taglymatlaryna wepaly boljakdygy baradaky soraglara tassyklaýjy jogaplary berdi. Şondan soň oňa bäş sany ýörite pent berildi. Bu kadalar ýaşaýşa hormat goýmaga, başgalara zeper ýetirmezlige, adamlaryň yzyndan hiç hili garşylyk görkezmezden eýermäge, hileden ýüz öwürmäge we gujuryňy tygşytly ulanmaga çagyrýar.

Robot üçin ahlak kadalarynyň işlenip düzülmegine emeli aň platformalary hem şaýat boldular. Ýakyn wagtda Gabi beýleki robotlar – Sokja, Mohi we Nisa bilen bilelikde «Ýondynhwe» (Yşyklar parady) dabaraly ýörişine gatnaşar.

Buddist jemgyýetiniň wekilleri bu ýörelgeleriň emeli aň bilen bilelikde ýaşalýan täze eýýamda tutuş jemgyýet üçin esasy kadalara öwrüljekdigine umyt bildirýärler.


şu gün 12:35
502

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
1.7k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.6k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......