Bloomberg: ýapon ýenasynyň dollardaky hümmeti 2024-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşdi

  • 14.01.2026 18:01
  • 5.6k+

Ýaponiýada mümkin bolan irki parlament saýlawlary baradaky çaklamalar sebäpli ýena 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri dollara garşy iň pes derejä düşdi. Bu barada Bloomberg bu barada habar berdi.

«Sişenbe güni ýapon walýutasy 0,5% pese gaçdy we 2025-nji ýylyň ýanwarynda bellenen 158,87 pes derejesindende aşak düşdi.  Şonuň ýaly-da, ähli egri girdejileri bilen birlikde hökümet obligasiýalary hem ymykly peseldi» diýip, çeşmede aýdylýar.

Agentlik geçirilmegi mümkin bolan saýlawlaryň Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaitiniň pozisiýasyny güýçlendirip biljekdigini belleýär. Analitikleriň pikiriçe, onuň syýasy täsiriniň artmagy milli walýutanyň has-da gowşamagyna getirip biler.
Bilermenleriň pikiriçe, ýena 2026-njy ýylyň ahyryna çenli pese gaçmagyny dowam etdirip, bir dollaryň bahasy 160 ýenadan geçip biler. Olar bu depgini ABŞ bilen Ýaponiýanyň arasyndaky girdeji tapawudy, negatiw real göterim derejeleri we dowam edýän kapital akymy bilen delillendirýärler.
Financial Times gazeti ozal fewral aýynda Sanae Takaitiniň umumy parlament saýlawlaryny geçirmegi göz öňünde tutýandygyny habar beripdi. Gazetiň habaryna görä, onuň dalaşgärliginiň goldawy 30-40 ýaş aralygyndaky ýaponlaryň arasynda takmynan 70% -e deňdir.
2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Ýapon Bankynyň gysga möhletli göterim derejelerini 0,5% -den 0,75% -e çenli ýokarlandyrandygyny bellemek gerek.  Ýeri gelende aýtsak, bu soňky 30 ýylyň iň ýokary derejesidir.


12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....