Maskyň xAI kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde ýitgisi 1,46 mlrd dollara ýetdi

  • 14.01.2026 11:19
  • 3.4k+

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan we emeli aň gurşawynda işleýän xAI kompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini 1,46 mlrd dollar arassa ýitgi bilen tamamlady. Bu barada kompaniýanyň içerki resminamalaryna salgylanyp, Bloomberg habar berýär.

Görkeziji öňki döwürlere garanyňda ýokary boldy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň arassa ýitgisi, takmynan, 1 mlrd dollar boldy. Soňky 12 aýda kompaniýa 7,8 mlrd dollar pul serişdesini harçlady.
Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, şeýle maliýe dinamikasy tutuş EA pudagy üçin mahsus. Uly kompaniýalar hasaplaýyş enjamlary, model işläp düzmek we infrastruktura döretmek üçin ep-esli çykdajy çykarmagyny dowam etdirýär.
xAI-iň ýolbaşçylygy ýakynda maýadarlar bilen söhbetdeşlikde «häzirki maliýe ýitgilerini wagtlaýyn hasaplaýandygyny we uly maýa goýumlary dowam etdirmäge mümkinçilik berýän serişdeleriniň bardygyny» aýtdy.
Uzak möhletli geljekde xAI «özbaşdak emeli aňy» döretmegi meýilleşdirýär we ony Tesla tarapyndan taýýarlanýan Optimus gumanoid robotlary üçin ulanmak göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtyň özünde, Optimus entek bazara çykmady we ödeýjilik tapgyryna ýetmedi.
Maliýe maglumatlarynyň hödürlenmegi kompaniýanyň Missisipi ştatynyň Sautheýwen şäherinde uly maglumat merkezini gurmak meýilnamalaryny yglan etmegi bilen gabat geldi. Taslamanyň bahasy 20 mlrd dollar diýlip hasaplanýar, bu hem ony ştatyň taryhynda iň uly hususy maýa goýuma öwürýär. 


20.06.2026 10:45
3.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....