Apple-iň baş direktorynyň girdejisi 2025-nji ýylda 74,3 mln dollar boldy

  • 12.01.2026 11:03
  • 3.4k+

Apple-iň baş direktory Tim Kuk 2025-nji ýylda 74,3 mln dollar gazandy. Bu kompaniýanyň paýdarlar üçin ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar.

Kukuň girdejisi birnäçe bölekden ybarat:

  • $3 mln – 2016-njy ýyldan bäri üýtgemedik, kesgitlenen zähmet haky;
  • $57,5 mln – Apple-iň paýnamalary görnüşinde bonus;
  • $12 mln – iş netijeleri üçin pul baýragy;
  • $1,76 mln – beýleki tölegler, şol sanda pensiýa gaznasy, ätiýaçlandyryş üçin tölegler we howpsuzlyk çykdajylary.

Apple howpsuzlygy üpjün etmek we netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen Kukdan iş we şahsy saparlary üçin hususy uçardan peýdalanmagy talap edýär.
Tim Kuk kompaniýanyň iň ýokary zähmet hakyny alýan işgäri bolup galýar. Beýleki top-menejerler has az gazanýar – ýylda ortaça 15 mln dollardan 27 mln dollara çenli. Mysal üçin, kompaniýadan gidýän baş ýuridik geňeşçi Keýt Adams, operasion müdir Sabih Han we bölek söwda bölüminiň ýolbaşçysy Deýrdru O’Braýen – olaryň her biri, takmynan, 27 mln dollar gazandy. Maliýe müdiriniň çalşylmagy bilen öňki CFO Luka Maestri 15,5 mln dollar, onuň yzyny dowam etdiriji Kewan Pareh bolsa 22,5 mln dollar gazandy.


19.05.2026 09:37
4.2k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....