Mansory 1100 at güýji bolan we salony pöwrize reňkli Audi RS6-ny görkezdi

  • 06.01.2026 23:40
  • 9.2k+

Mansory týuning atelýesi Audi RS 6-nyň binýadynda döredilen P1100 atly täze taslamasyny hödürledi. Uniwersal awtoulagyň kuwwaty 1100 at güýjüne çenli artdyryldy. Bu täzelenme modeliniň häzirki nesliniň önümçiliginiň tizara tamamlanmagyna gabatlap taýýarlanyldy.

Standart 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisiniň kämilleşdirilmegi netijesinde, aýlaw pursaty 1250 Nm-ä (+400 Nm) çenli ýokarlandyryldy. Işläp düzüjiler awtoulagyň tizleniş häsiýetnamalaryny häzirlikçe aýan etmediler.
Super-uniwersalyň daşky görnüşi täze dizaýnly kuzow toplumy (body kit) bilen üýtgetdi: täze bamperler, yzky diffuzor, sport ganaty (spoiler) we 22 dýuýmlyk ýörite diskler gurnaldy. Ulagyň salony dolulygyyna pöwrize reňkli deri bilen örtüldi, potology bolsa "ýyldyzly asman" görnüşindäki LED yşyklandyryş bilen bezeldi.
Bu modifikasiýa programmasynyň bahasy gizlin saklanýar, ýöne Mansory eýýäm mundan hem has ekstremal týuning toplumynyň geljekdigini habar berdi.
Şol bir wagtyň özünde, Audi kompaniýasy RS 6-nyň indiki neslini synagdan geçirip başlady. 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bu model diňe bäş gapyly uniwersal däl-de, eýsem adaty sedan görnüşinde hem hödürlener.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......