Apple 2025-nji ýylda 25 sany enjamynyň we aksessuarynyň önümçiligini bes etdi

  • 02.01.2026 12:24
  • 6.9k+

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylda 25 sany enjamynyň we aksessuarynyň önümçiligini bes etdi. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, käbir modeller önümçilikden doly aýryldy, beýlekileri bolsa täze nesil wersiýalary bilen çalşyryldy.

Önümçiligi bes edilenden 5–7 ýyl geçensoň, Apple enjamlary "wintaž" (vintage) derejesine geçýär — olary diňe ätiýaçlyk şaýlary bar bolan ýagdaýynda ygtyýarly hyzmat merkezlerinde abatladyp bolýar. Şondan iki ýyl geçensoň bolsa, olar "könelişen" (obsolete) hasaplanýar we resmi hyzmat goldawy doly bes edilýär.
iPhone 15 Plus modeli "Plus" seriýasynyň iň soňky wekili boldy. Bu modeller batareýasynyň durnuklylygy bilen tanalsa-da, baha taýdan "Pro" wersiýalaryna gaty ýakyn bolandygy üçin söwdasy pes boldy. "Plus" seriýasynyň ýerine has inçe iPhone Air geldi. Şeýle hem, Apple "Home" düwmesi bolan iň soňky model — üçünji nesil iPhone SE-niň önümçiligini duruzdy. SE seriýasynyň ýerine indi elýeterli "e" seriýasy hödürlenýär. Bu seriýanyň ilkinji smartfony iPhone 16e boldy. Insaýderleriň maglumatyna görä, Apple her ýylyň baharynda täze "e" modellerini çykarar; indiki model iPhone 17e bolup, ol 2026-njy ýylyň başynda tanyşdyrylar.
2025-nji ýylda önümçiligi bes edilen 25 önümiň sanawy:

iPhone:

  • iPhone 16 Pro Max (iPhone 17 Pro Max bilen çalşyryldy)
  • iPhone 16 Pro (iPhone 17 Pro bilen çalşyryldy)
  • iPhone 15 Plus
  • iPhone 15 (resmi önümçilik durdy, ýöne dükanlarda satuwy dowam edýär)
  • iPhone 14 Plus
  • iPhone 14
  • iPhone SE 3 → iPhone 16e bilen çalşyryldy

iPad:

  • iPad Pro M4 → iPad Pro M5
  • iPad Air M2 → iPad Air M3
  • iPad 10 → A16 çipli täze model

Apple Watch:

  • Apple Watch Ultra 2 → Ultra 3
  • Apple Watch Series 10 → Series 11
  • Apple Watch SE 2 → SE 3

Mac:

  • Mac Studio M2 Max/Ultra → M4 Max/M3 Ultra
  • MacBook Pro 14 M4 → M5
  • MacBook Air 13/15 M3 → M4
  • MacBook Air 13 M2

Beýleki enjamlar we aksesuarlar:

  • AirPods Pro 2 → AirPods Pro 3
  • Apple Vision Pro M2 → Vision Pro M5
  • MagSafe Qi 2 zarýad beriji enjamy → Qi 2.2
  • USB-C adapteri (30 W) → Täze 40–60 W adapterler
  • Lightning-3,5 mm ses kabeli → USB-C-3,5 mm kabeli
  • Apple MagSafe adapteri → MagSafe 2

13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...