«Haýwanlar şäheri 2» taryhda iň köp girdeji gazanan multfilmleriň bäşligine girdi

  • 02.01.2026 10:34
  • 3.6k+

«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис-2) dünýä prokatynda 1,4 mlrd dollardan gowrak ýygnap, taryhda iň köp girdeji gazanan animasion filmleriň bäşligine girdi. Muny The Numbers portalynyň maglumatlary delillendirýär.

Multfilmiň global premýerasy 26-njy noýabrda boldy. Prokatyň ilkinji dynç günleri ol 556 mln dollar gazandy. Kassa ýygymynyň ep-esli bölegini hytaý bazary üpjün etdi – 272 mln dollar. Taslamanyň býujeti 150 mln dollar boldy.
Ikinji bölüm polisiýa işgärleri Judi Hops bilen Nik Uaýldyň hekaýatyny dowam etdirýär. Sýužet boýunça gahrymanlar täze howp – şäheriň rahat durmuşyna howp salýan Geri atly ýylan bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Multfilmiň režissýorlary Jared Buş we Baýron Howard eýýäm üçünji bölümiň ideýasynyň üstünde işleýändiklerini habar berdi. Olaryň aýtmagyna görä, täze bölüm tas on ýyl wagt alan «Haýwanlar şäheri 2-den» çalt çykyp biler.
Şeýle-de, iň girdejili animasion filmleriň bäşligine «Neçža-2» (2,2 mlrd dollar), «Tapmaça-2» (1,7 mlrd dollar), «Doňan ýürek-2» (1,5 mlrd dollar) we «Doganlar Super Mario kinoda» (1,3 mlrd dollar) girýär.


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....