Barlaglar: YouTube-yň maslahat berýän her bäşinji wideosy — emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli mazmundyr

  • 31.12.2025 08:21
  • 5.6k+

«Kapwing» kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna görä, «YouTube» platformasynyň täze ulanyjylara hödürleýän wideolarynyň takmynan 20%-i tomaşa sanyny emeli usullar bilen köpeltmek üçin döredilen, emeli aňyň (EA) pes hilli önümidir. Bu barada «The Guardian» gazeti habar berýär.

Dürli ýurtlardan bolan 15 000 meşhur kanalyň seljermesi netijesinde, olaryň 278-siniň dolulygyyna şeýle mazmundan ybaratdygy anyklandy. Bu kanallar umumylykda 63 milliarddan gowrak gezek görlüp, 221 million abunaçy toplady. Olaryň ýyllyk girdejisi bolsa takmynan 117 million dollara deň boldy.
Geçirilen barlaglar täze açylan YouTube akkaunty arkaly tassyklanyldy. Ilkinji maslahat berlen 500 wideonyň 104-si neýron ulgamlary tarapyndan döredilipdir. Tutuş wideolar toplumynyň takmynan üçden biri diňe tomaşaçylaryň ünsüni çekip, girdeji gazanmaga (monetizasiýa) gönükdirilen mazmundan ybarat boldy.
Barlagçylar bu ýagdaýyň bütin dünýäde giňden ýaýrandygyny belleýärler. Ispaniýada takmynan 20 million adam (ýurduň ilatynyň ýarysyna golaýy) şeýle kanallara agzadyr. Sanawda ondan soňra Müsür (18 million abunaçy), ABŞ (14,5 million) we Braziliýa (13,5 million) gelýär.
Mysal hökmünde, adama meňzeş maýmynyň bimany başdan geçirmelerini görkezýän «Bandar Apna Dost» hindi kanaly (2,4 milliard görülme) we rahatlandyryjy aýdym-sazyň astynda suw joşmalary baradaky EA-wideolaryny çap edýän Pakistanyň «The AI World» kanaly (1,3 milliard görülme) agzalýar.
YouTube wekilleri emeli aňyň dürli hilli mazmun döretmek üçin ulanylyp bilinjekdigini we platformanyň jemgyýetçilik kadalaryny bozýan materiallara garşy göreşmegini dowam etdirýändigini mälim etdi.


25.06.2026 10:21
4.2k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......