«Haýwanlar şäherini» döredijiler üçünji bölümiň üstünde işläp başlady

  • 31.12.2025 08:16
  • 3k+

«Haýwanlar şäheri-2» multfilminiň režissýorlary Baýron Howard we Jared Buş animasion filmiň üçünji bölümi üçin pikir gözlegine çykdy. Olar multfilmiň önümçiliginiň dokuz ýyl töweregi wagt aljakdygyny aýdýar (birinji bilen ikinji bölümiň arasyndaky wagt hem şonça bolupdy).

Taslama barada režissýorlar Weibo platformasynda sorag-jogap sessiýasynyň dowamynda habar berdi diýip, Sina portaly belleýär. Jared Buş multfilmi döretmegiň, adatça, 4-5 ýyl wagt alýandygyny, ilkinji iki-üç ýylyň bolsa konsepsiýany we ssenarini taýýarlamaga sarp edilýändigini belledi.

«Biz Baýron bilen pikirleri öwrenmegi we “oýnamagy” örän gowy görýäris. Üns beren bolsaňyz, biz “Haýwanlar şäheri-2-niň” finalynda birnäçe yşaratlary goşduk. Mysal üçin, ol ýerde guş ýelegi peýda bolýar we bu biziň özümizi oýlanmak üçin gyzyklandyrýan zat» — diýip, Jared Buş aýtdy.

Awtorlar pişikleriň, itleriň we beýleki öý haýwanlarynyň bolmazlygyny olary eldekileşdirip biljek adamlaryň ýokdugy bilen düşündirdi. Şol sebäpli franşizada şimpanze, gorilla we beýleki primatlar hem görkezilmedi. Ýöne Afrikadaky ýaly ýabany it görnüşleri bar.
Howard «Haýwanlar şäheri+-yň» döreden gyzyklanmasyny göz öňünde tutup, franşizada spin-offlaryň peýda bolup biljekdigini hem inkär etmedi.
«Haýwanlar şäheri-2» 26-njy noýabrda giň prokata çykdy we ilkinji 17 günde 1 mlrd dollardan gowrak ýygnap, golliwud animasiýasy üçin rekord goýdy. Multfilmiň girdeji ýygymy eýýäm 1,29 mlrd dollara ýetdi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....