Şweýsariýaly alymlar howa köpürjiklerinden ýasalan «myşsaly» ýumşak robot döretdiler

  • 29.12.2025 13:59
  • 3.5k+

Şweýsariýanyň Sýurih federal tehnologiýa institutynyň (ETH Zurich) alymlary skat balygynyň hereketlerini gaýtalap bilýän, simsiz işleýän Stingraybot atly kiçijik roboty işläp taýýarladylar. Enjamyň ini takmynan 4 santimetr bolup, ol lukmançylyk barlaglary we hassalary hirurgiki däl usulda bejermek üçin niýetlenendir diýip, New Atlas neşiri habar berýär.

Apparat daşarky ultrases tolkunlary arkaly uzakdan dolandyrylýar. Bu bolsa oňa batareýasyz, motorsyz we kabelsiz işlemäge mümkinçilik berýär. Gurluşyň esasy binýady — ýüzgüçlerdäki «myşsalaryň» wezipesini ýerine ýetirýän, ölçegi 12–66 mikron bolan öýjükli inçe silikon membranalardyr. Suwuklyga çümdürilende, bu öýjükler üstki dartylma güýji arkaly howa mikroköpürjiklerini saklap galýarlar.
Ultrasesiň täsiri astynda köpürjikler titreýär we sanlyja millisekuntlaryň içinde membrananyň gysylmagyna sebäp bolýar. Dürli diametrli öýjükleriň ulanylmagy netijesinde, robot diri organizmlere mahsus bolan tolkun şekilli hereketleri edip bilýär.
Synag wagtynda Stingraybot balyk çogdamlaryny tutup bildi, çylşyrymly üstlerde we içege ýollarynyň modelinde bökdençsiz hereket etdi. Geljekde bu robotyň dermanlary adam bedeniniň içindäki anyk nokada eltip, hirurgiki amalyýetsiz ýerleşdirmegi meýilleşdirilýär.


düýn 18:51
2.9k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....