NASA we Boeing geljekki uçarlar üçin has uzyn we inçe ganatlary döredýärler

  • 29.12.2025 12:03
  • 4.6k+

NASA-nyň we Boeing-iň inženerleri täze görnüşli, uzaldylan we inçe ganatyň nusgasyny synagdan geçirdiler. New Atlas neşiriniň habar bermegine görä, bu gurluş ýangyç sarp edilişini we zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak üçin niýetlenendir.

Lengliniň aerodinamika merkezinde hünärmenler çeýe aerodinamiki üstler ulanylanda ýüze çykýan titremeleri (wibrasiýalary) dolandyryş ulgamyny synagdan geçirdiler.
NASA-nyň aerokosmos inženeri Jennifer Pinkerton taslamanyň jikme-jiklikleri barada maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, uzyn we inçe ganatlar howanyň garşylygyny azaldýar, ýöne olar güýçli rezonansa örän ýykgyn bolýar. Bu ýagdaýa garşy göreşmek üçin NextGen Aeronautics kompaniýasynyň döreden dört metrlik nusgasynda on sany hereketli panel ulanyldy. Bu mehanizmler ganatyň gurluşyna zeper ýetirip biljek "flatter" — ýagny, güýçli we durnuksyz titremeleri basyp ýatyrmaga kömek edýär.

"Ganat örän çeýe bolanda, ol adaty ganatdan has güýçli titreýär" diýip, Jennifer Pinkerton düşündirýär.
"Flatter örän howply — diýip, inžener sözüni dowam edýär. — Ganatyň üstündäki howa akymy uçaryň gurluşy bilen özara täsirleşip, ganatyň şahsy ýygylyklaryny oýadanda, titremeler güýçlenýär we gysga wagtyň içinde ösüp, gurluşyň doly weýran bolmagyna getirip bilýär".


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....