Britaniýaly alymlar elektromagnit päsgelçilikleriniň 99,97%-ini bökdeýän dury plýonkany oýlap tapdylar

  • 29.12.2025 11:56
  • 3.2k+

Glazgo uniwersitetiniň alymlary elektromagnit şöhlelenmesiniň 99,97%-den gowragyny yzyna serpikdirip bilýän örän inçe, çeýe we dury nanoplýonkany oýlap tapdylar. Bu material Wi-Fi we 5G signallarynyň täsir edýän şertlerinde geýilýän sensorlaryň, lukmançylyk enjamlarynyň we çeýe displeýleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Ylmy barlagyň netijeleri ACS Nano žurnalynda çap edildi. Berlen maglumatlara görä, awtorlar plastik esasyň ýüzünde kümüş nanosimleri tertipli ýerleşdirmek üçin faza aralygyndaky dielektroforez usulyny ulandylar. Ikinji tapgyrda bolsa, barlagçylar nanosimleriň galtaşýan nokatlaryny birikdirmek üçin gysga lazer impulslaryndan peýdalandylar. Bu tehnologiýa elektrik garşylygyny 46 esse azaltmaga we durylygy 10% ýokarlanmaga mümkinçilik berdi.
Synaglaryň gidişinde galyňlygy bary-ýogy 5,1 mikrometr bolan plýonka 2,2-den 6 GGs-e çenli ýygylyk aralygynda 35 desibelden gowrak gorag netijeliligini görkezdi. Taýýar önümiň durulygy 83%-e ýetdi.
Bu täze açyş elektronikany göwrümli metal gatlaklaryny ulanmazdan goramaga şert döredýär. Geljekde alymlar materialyň biologik gurşawlarda we uzak möhletli ulanylyşda özüni nähili alyp barjakdygyny öwrenerler.


düýn 20:50
5k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

düýn 13:26
1.2k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

düýn 13:04
4.4k+

Fizikler altynyň «ebedi lowurdysynyň» syryny açdy we ony soldurmagyň usulyny tapdy

Altynyň ony naýbaşy şaý-sep metalyna öwürýän himiki passiwligi uzak wagtlaryň dowamynda ylym üçin syr bolup galdy. Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) alymlar topary ilkinji gezek altynyň okislenmäge bolan täsin......

30.05.2026 00:14
2.2k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....