Lexus RZ krossoweriniň sagatda 100 km-e 4,4 sekuntda çykýan iň güýçli modifikasiýasyny hödürledi

  • 29.12.2025 11:17
  • 5.6k+

Lexus kompaniýasy RZ elektrik krossowerleriniň hataryny täze flagman model — 600e F Sport Performance bilen giňeltdi. Bu awtoulag öz maşgalasynda iň kuwwatly güýç beriji gurluş bilen üpjün edilip, bary-ýogy 4,4 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetmäge mümkinçilik berýär.

Bu modifikasiýa her biri 227 at güýjüne eýe bolan iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilen bolup, ulgamyň umumy kuwwaty 425,5 at güýjüne deňdir. Elektromobil 77 kWt/sag sygymly dartyş batareýasy bilen üpjün edilen we bir gezekki zarýad bilen 525 kilometre çenli ýol geçip bilýär.
Tehniki üýtgeşmeler awtoulagyň hereket ediji bölegine hem girizildi: ýerden bolan beýikligi (klirensi) 20 millimetr azaldyldy, 21 dýuýmlyk Enkei diskleri oturdyldy we tormoz ulgamy alty porşenli supportlar bilen güýçlendirildi. Modeliň daşky keşbi eksklýuziw karbon (uglerod süýümli) detallary bilen tapawutlanýar. Onuň düzümine splitterler, nakladkalar, iki sany yzky ganat (anti-wing) we uglerod süýümli üçek girýär. Dizaýn RZ 450e F Sport Performance modelindäki ýaly gök reňkli bezegler bilen baýlaşdyrylan.
Awtoulagyň salony täze dizaýnly bezegler we öň oturgyçlaryň ýörite örtükleri bilen tapawutlanýar.
Ýaponiýada satuwlaryň 2-nji martda başlamagyna garaşylýar. Awtoulagyň bahasy 12 165 000 ýenadan (takmynan 78 000 dollar) başlaýar.


27.05.2026 19:09
7.3k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.2k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....

04.05.2026 20:02
4.4k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......