«Çernobyly» düşüren Ýohan Renk Assassin's Creed serialyna režissýorlyk eder

  • 29.12.2025 11:11
  • 3.5k+

«Emmi» baýragynyň eýesi, belli režissýor Ýohan Renk («Çernobyl», «Kosmonawt») meşhur Assassin’s Creed wideo oýnunyň esasynda düşüriljek täze serialyň režissýory bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Serial Netflix platformasynda görkeziler. Esasy keşpleri aktýorlar Tobi Uolles we Lola Pettikrýu janlandyrarlar. Robert Patino («Ýabany Günbataryň dünýäsi») we Dewid Uiner («Halo») bolsa taslamanyň şourannerleri (baş prodýuserleri we ssenariçileri) hökmünde çykyş ederler.
Assassin's Creed oýnunyň ilkinji bölümi 2007-nji ýylda çykaryldy. Eseriň sýužet liniýasy dürli gymmatlyklary we dünýägaraşlary goraýan assasinler bilen tampliýerleriň arasyndaky asyrlara çekýän gapma-garşylygyň töwereginde gurulýar.
Belläp geçsek, 2016-njy ýylda bu oýnuň esasynda baş keşbi Maýkl Fassbenderiň janlandyrmagynda doly metražly çeper film hem surata düşürilipdi.


düýn 20:52
2.2k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.7k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.2k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 11:08
2.4k+

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......