Alymlar beýnä ünsüni jemlemäge kömek edýän gen tapdylar

  • 29.12.2025 11:00
  • 2.4k+

Rokfeller institutynyň alymlary Nature Neuroscience žurnalynda ünsüň tebigatyna bagyşlanan ylmy işlerini çap etdiler. Gözlegler ünsi jemlemek ukybynyň diňe bir beýnidäki peýdaly signallaryň güýçlenmegine däl, eýsem "fon" işjeňliginiň (beýnidäki artykmaç sesleriň) peselmegine-de baglydygyny görkezýär. Bu prosesde Homer1 geni esasy orny eýeleýär.

Syçanlarda geçirilen tejribeler geniň iki görnüşiniň — Homer1a we Ania3-üň işjeňliginiň peselmeginiň prefrontal gabygyň neýronlarynyň işini has rahatlandyrýandygyny görkezdi. Şeýle şertlerde haýwanlar öňlerinde goýlan wezipelere has gowy üns berip bildiler. Gyzykly tarapy, bu täsir diňe ýetginjeklik döwründe ýüze çykdy; uly ýaşly syçanlarda geniň derejesiniň üýtgemegi görnetin netije bermedi.
Gözlegçiler Homer1 geni peselende, nerw ulgamynda bökdeýji (tormozlaýjy) funksiýany ýerine ýetirýän reseptorlaryň has işjeňleşýändigini anykladylar. Neýronlaryň umumy işjeňlik derejesi peselse-de, möhüm signallara bolan reaksiýalar has takyk bolýar. Netijede, beýni artykmaç maglumatlary has gowy süzüp (filtrläp) başlaýar.
Ylmy işiň awtorlary bu mehanizmiň üns ýetmezçiliginiň we artykmaç işjeňligiň sindromyny (ADHD) bejermekde ulanylýan adaty usullardan (stimulýatorlardan) tapawutlanýandygyny belleýärler. Mundan başga-da, Homer1 geniniň autizm we şizofreniýa bilen hem baglanyşygynyň bardygy çaklanylýar, bu bolsa ony geljekki gözlegler üçin möhüm ugur edýär.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....