Rimac Nevera R-iň ýörite wersiýasynyň eýelerine kompaniýanyň baş edarasynyň açarlary gowşurylar

  • 24.12.2025 12:47
  • 2.2k+

Rimac kompaniýasy ýokary öndürijilikli Nevera R giperkarynyň eksklýuziw nusgasyny — Founder's Edition wersiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle awtoulaglaryň bary-ýogy 10-sy öndüriler we olaryň hemmesi eýýäm brendiň muşdaklarynyň arasynda paýlanyldy. Awtoulag eýeleri ulag bilen birlikde birnäçe ýörite artykmaçlyklara, şol sanda Rimac-yň baş edarasyna erkin girmäge mümkinçilik berýän açar-karta eýe bolarlar.

Founder's Edition-yň esasy aýratynlygy onuň özboluşly dizaýnydyr. Kupeniň kuzowy geometrik aýratynlyklaryna laýyklykda iki reňkde boýalar, daşky nagşy bolsa ýokary tehnologiýalara salgylanar. Salony hem iki reňkli bezegde bolar: sürüji we ýolagçy oturgyçlarynyň aýratynlykda bezelmegi (kontrast) Mate Rimasyň şahsy awtoulagyndan alnan. Bezegleriň arasyna kompaniýanyň taryhynyň esasy tapgyrlaryna yşarat edýän gizlin nyşanlar hem ýerleşdiriler.
Şeýle-de, alyjylara awtoulagyň ähli aýratynlyklaryny öz isleglerine görä (individual) sazlamagyň giň mümkinçilikleri wada berilýär.
Awtoulagdan we baş edara girmek hukugyndan başga-da, ulag eýeleri Rimac kompaniýasynyň strategiýasyny we geljekki barlaglaryny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrylar. Şeýle hem olar görkezişlere, rekord goýýan ýaryşlara we täze modelleriň ýapyk tanyşdyrylyşlaryna gatnaşyp bilerler. Kompaniýa hödürlenýän käbir bonuslary syr saklamagy makul bildi.
Rimac Nevera R Founder's Edition jemi kuwwaty 2017 at güýjüne deň bolan dört sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilen. Giperkar sagatda 96 km tizlige bary-ýogy 1,66 sekuntda ýetýär, onuň iň ýokary tizligi bolsa sagatda 431,45 km-e deňdir.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......