Jakarta 2025-nji ýylda dünýäniň iň gür ilatly şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi

  • 24.12.2025 12:41
  • 4.6k+

2025-nji ýylda Jakarta dünýäniň iň gür ilatly şäheri diýlip yglan edildi — Indoneziýanyň paýtagtynda häzirki wagtda tas 42 million adam ýaşaýar. Ilkinji üçlüge, şeýle hem Dakka (Bangladeş) we Tokio (Ýaponiýa) şäherleri girdi. Visual Capitalist portalynyň hünärmenleri BMG-niň "World Urbanization Prospects 2025" hasabatyna esaslanýan infografikany hödürlediler.

Barlaglara görä, Aziýa global şäherleşme merkezi hökmündäki derejesini saklap gelýär. Şanhaý, Guançžou, Nýu-Deli we Mumbaý ýaly iň uly aglomerasiýalaryň (uly şäher toplumlarynyň) ep-esli bölegi Hytaýda we Hindistanda jemlenendir. Bu merkezleriň ösüşi olaryň içerki bazarlarynyň giňligi we ykdysadyýetiň ýokary derejede jemlenmegi bilen düşündirilýär.
Iň çalt ösüş depginini bolsa Aziýanyň daşyndaky sebitler görkezýär. Dünýäniň iň çalt ösýän şäheri Angolanyň paýtagty Luanda boldy — bu ýerde ilat 2000-nji ýyldan bäri her ýyl ortaça 11% artýar. Şeýle depgin Lagosda (Nigeriýa) we Kinşasada (Kongo DR) hem göze ilýär. Bu ýagdaý dogluş derejesiniň ýokarylygy we oba ýaşaýjylarynyň şäherlere köp gelmegi bilen baglanyşyklydyr.
Şol bir wagtyň özünde, Osaka (Ýaponiýa) we Mehiko (Meksika) ýaly birnäçe kemala gelen megapolislerde ösüşiň haýallamagy, hatda ilatyň azalmagy hasaba alyndy. Bu durgunlygyň (stagnasiýanyň) esasy sebäpleri demografik garramak, dogluş derejesiniň peselmegi we ýaşaýyş jaý ýetmezçiligidir.
Ösen ýurtlarda şäher merkezleriniň ösüşi häzirki wagtda ilat sanynyň artmagy bilen däl-de, köp babatda zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy bilen üpjün edilýär.


09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

26.03.2026 21:03
4.8k+

Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär....

24.03.2026 19:24
2k+

Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...