MGM+ "Ajaýyp ýedilik" nusgawy western filminiň sekiz bölümden ybarat remeýkini çykarar

  • 23.12.2025 18:19
  • 4.8k+

MGM+ striming hyzmaty 1960-njy ýyllaryň “Ajaýyp ýediligiň” (“Великолепная семерка”) nusgawy western filminiň sekiz bölümden ybarat remeýkini çykarar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär.

Taslamany "Gahrymanlar" (Heroes) serialynyň döredijisi Tim Kring işläp düzer; ol ssenarini ýazar we ýerine ýetiriji prodýuser bolar. Prodýuserler toparyna Donald De Laýn, Lorens Miriş we Brýus Kaufman hem girýär. Öndürijilik işleri MGM+ Studios we MGM Television Studios tarapyndan alnyp barlar. Surata düşüriş işlerine 2026-njy ýylyň iýun aýynda başlamak meýilleşdirilýär.
Täze wersiýanyň aktýorlar düzümi we sýujet jikme-jiklikleri heniz mälim edilmedi.

"Tim Kring — ussat hekaýatçy. Tim, Donald De Laýn, Larri Miriş we Brýus Kaufman nusgawy westerniň energiýasyny özünde jemleýän, asyl filmiň mirasyna hormat goýýan we onuň ebedi temalaryny: zuluma garşy göreşde agzybirligiň güýjüni hem-de ejizlere ýardam bermek arkaly ruhy taýdan tämizlenýän kämil däl gahrymanlar baradaky hekaýaty tassyklaýan serial döretdiler" diýip, MGM+-yň ýolbaşçysy Maýkl Raýt teswir berdi.

Asyl filmde obany ýer eýesiniň zulumyndan goraýan ýedi hakyna tutulan esgeriň hekaýaty gürrüň berilýär. Onda baş keşplerde Ýul Brinner, Stiw MakKuin, Çarlz Bronson we beýlekiler çykyş etdiler. Ol film ýapon režissýory Akira Kurosawanyň "Ýedi samuraý" filminiň erkin adaptasiýasy bolupdy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....