Gadymy ösümlikler güller peýda bolmazdan millionlarça ýyl öň, mör-möjekleri özüne çekmek üçin gozalaryny gyzdyrypdyrlar

  • 23.12.2025 18:00
  • 5.2k+

Biologlaryň halkara topary ösümlikleriň, güller peýda bolmazdan millionlarça ýyl öň, ýylylyk ýaýratma — "görünmeýän ýagtylyk" — arkaly mör-möjekleri özüne çekendigini anyklady. Bu açyş mezozoý eýýamynda agdyklyk eden, infragyzyl yşaratlara esaslanýan aragatnaşyk kanalynyň bolandygyny subut edýär.

Science žurnalynda çap edilen barlagyň jikme-jiklikleri sagownikler (Cycadales) we olaryň tozanlandyryjylary, ýagny Rhopalotria furfuracea tomzaklary bilen işleýän alymlar tarapyndan berildi. 200 million ýyllap tomzaklar tarapyndan tozanlandyrylýan sagownikler öz gozalaryny gyzdyrýarlar. Öň bu ýylylyk ysy bugartmaga ýa-da sowukdan goranmaga kömek edýändir diýlip çak edilýärdi. Şeýle-de bolsa, barlagyň awtorlary ýylylygyň özüniň nawigasiýa maýagy hökmünde hyzmat edýändigi baradaky gipotezany öňe sürdüler.
Geçirilen synaglar gozalaryň biologik sagada laýyklykda gyzýandygyny we krahmaly ýakmak arkaly olaryň temperaturasyny daşky gurşawyňkydan 10°C-den gowrak ýokarlandyrýandygyny görkezdi. Tomzaklar ýalňyşsyz gozalaryň gyzdyrylan 3D modellerini saýlaýardylar we hatda ysyň täsiri aradan aýrylanda-da, sowuk mulýažlara üns bermeýärdiler.
Mör-möjekleriň anatomiýasynyň seljermesi olaryň murtjagazlarynda ýöriteleşdirilen sensorlaryň bardygyny ýüze çykardy. Molekulýar biologlar mör-möjekleri ýylylyga duýgur edýän termoreseptor belogyny kodlaýan TRPA1 genini tapdylar.
Barlagçylar infragyzyl aragatnaşygyň dinozawrlar döwründe esasy strategiýa bolandygyny, ýöne reňk pigmentlerini öndürmegiň hemişelik ýylylyk bölüp çykarmakdan energiýa taýdan has tygşytly bolandygy sebäpli, wagtyň geçmegi bilen bu usulyň ornuny gülli ösümliklere berendigini hasaplaýarlar.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....