Kazyýet Tesla "Autopilot" we "Full Self Driving" adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi

  • 22.12.2025 15:37
  • 3.9k+

Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi.

The Wall Street Journal neşiriniň habar bermegine görä, kazyýet kararyny ýerine ýetirmek üçin kompaniýa 90 gün wagt berildi. Eger bu talap berlen möhletde berjaý edilmese, Tesla-nyň ştatdaky satuwlary togtadylar.
Düzgünleşdiriji edara 2022-nji ýyldan bäri Tesla-nyň sarp edijileri aldawa salýan mahabat dilini ulanýandygyny anyklady. Bu mahabatlar alyjylarda "awtoulaglar sürüjiniň gatnaşygy bolmazdan hem hereket edip bilýär" diýen ýalňyş düşünjäniň döremegine sebäp bolupdyr. Agentligiň pikiriçe, beýle adalgalar sürüjä kömek ulgamynyň (ADAS) hakyky mümkinçilikleri barada sarp edijileri ýalňyşdyrýar.
Tesla-nyň wekilleri bu aýyplamalary ret edip, funksiýalaryň nähili işleýändigini resmi web sahypasynda, awtoulagyň media ulgamynda we ulanyjy gollanmalarynda jikme-jik düşündirendiklerini bildirdiler. Olar her bir maglumatda sürüjiniň eliniň elmydama rulda bolmagynyň we yzygiderli gözegçilik etmeginiň zerurdygyny nygtandyklaryny aýtdylar.
Kazyýet bu delilleri kabul etmedi we Kaliforniýada Tesla-nyň satuwyny 30 günlük togtatmak barada karar çykardy. Emma Ulag departamenti bilen gazanylan ylalaşyk esasynda, kompaniýanyň marketing materiallaryny kazyýetiň kararyna laýyk getirmegi üçin bu çäre 90 gün yza süýşürildi. Tesla tarapy kazyýet talaplaryny ýerine ýetirjekdigini we satuwyň bökdelmeginden gaça durmak isleýändigini mälim etdi.


düýn 12:31
1.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......