Arktikada howanyň temperaturasy rekord dereje gyzdy - NOAA

  • 22.12.2025 14:55
  • 10k+

2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwürde Arktikada howanyň temperaturasy 1900-nji ýyldan bäri geçirilen gözegçilikleriň taryhynda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary müdirligi (NOAA) habar berdi.

Müdirligiň hasabatynda howanyň we suwuň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň buzluklaryň eremegini çaltlaşdyrandygy we Arktikanyň landşaftyny düýpli üýtgedendigi bellenilýär. Bu prosesler dünýä ummanynyň derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle hem ýer süýşmeleriniň we sunamileriň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň artmagyna sebäp bolýar.
Mundan başga-da, buzluklaryň eremegi netijesinde Arktika suwlaryna köp mukdarda demir we beýleki himiki elementler garyşýar. NOAA munuň deňiz gurşawynyň hapalanmagyna getirip biljekdigini duýdurýar. Hasabatda Çukot we Bering deňizlerindäki haýwanat dünýäsiniň käbir görnüşleriniň hem uly howp astyndadygy aýdylýar.
Resminamada soňky on ýylyň tutuş gözegçilik taryhynda sebit üçin iň maýyl döwür bolandygy aýratyn nygtalýar.


04.06.2026 17:40
8.5k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......