«Haýwanlar şäheri 2» ýylyň iň girdejili golliwud relizi boldy

  • 22.12.2025 16:30
  • 5.6k+

«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис 2) ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy. Disney-iň animasion filminiň dünýädäki kassa ýygymy 150 mln dollar önümçilik býujetinde 1,13 mlrd dollara ýetdi. Ol şeýle netijäni prokata başlandan soň bary-ýogy üç hepdäniň dowamynda gazandy.

Film polisiýa towşan bilen onuň ýoldaşy tilkiniň hekaýatyny dowam etdirýär. Ozal golliwud relizleriniň arasynda öňdebaryjy 1,038 mlrd dollar gazanan «Lilo we Stiç» kinoremeýkidi. Bu görkeziji boýunça üçünji orny «Minecraft kinoda» (958 mln dollar) eýeleýär.
Şol bir wagtyň özünde, dünýä prokatynda 2025-nji ýylyň iň girdejili taslamasy «Neçža aždarhalar şasyny ýeňýär» (Нэчжа побеждает Царя драконов) hytaý multfilmi bolmagynda galýar – onuň kassa ýygymy dollara geçirilende 2,2 mlrd dollar boldy (bu mukdaryň 99%-i Hytaýda gazanyldy).
Täze horror «Freddi bilen bäş gije 2» (Пять ночей у Фредди 2) dünýä boýunça 173 mln dollar ýygnady. ABŞ-da prokatyň ikinji uikendinde filmiň girdejisi 70% peseldi, ýöne bu bir wagtyň özünde striming platformalarynda çykan birinji bölümiňkiden az pese gaçyş boldy.
«Zalym» (Злая) mýuzikliniň dowamy geçen uikendde Demirgazyk Amerikada 8,5 mln dollar gazandy. Dört hepde prokatyň dowamynda filmiň umumy girdejisi 467 mln dollara ýetip, 2024-nji ýyldaky birinji bölümiň görkezijisinden pes boldy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....