«Awatar: Ot we kül» filminiň ilkinji uikendde global kassa ýygymy 345 mln dollara ýetdi

  • 22.12.2025 16:28
  • 3.8k+

Ilkinji uikendiň jemi boýunça «Awatar 3: Ot we kül» filmi amerikan prokatynda 88 mln dollar gazandy, global kassa ýygymy bolsa 345 mln dollara ýetdi. Film ABŞ-da bu görkeziji boýunça öňdebaryjy boldy, ýöne prokata 2022-nji ýylda ilkinji dynç günleri içerki prokatda 134 mln dollar we dünýäde 435 mln dollar ýygnan franşizanyň ikinji bölüminden gowşak başlady diýip, Variety habar berýär.

Üçünji filmiň netijeleri hatda ABŞ-da 100-130 mln dollary göz öňünde tutan deslapky çaklamalardan hem az boldy. Muňa garamazdan, global görkezijiler 2025-nji ýylda iň gowy netijeleriň biri boldy.
Jeýms Kemeronyň filminiň býujeti 400 mln dollardan gowrak diýlip hasaplanýar. Analitikler «Awataryň» öňki bölümleriniň ýedi hepdäniň dowamynda prokatyň öňdebaryjylarynyň hatarynda saklanandygyny belleýär. Üçünji film hem şeýle netijäni görkezip biler.
Üçünji filmiň premýerasy 18-nji dekabrda boldy. Filmiň sýužeti wulkanlaryň golaýynda ýaşaýan Na’wi urugyna ünsi jemleýär. Esasy gürrüň beriji Jeýk Salliniň ogly Loak boldy.
Filmde baş keşpleri ýene-de Sem Uortington, Zoi Saldana, Keýt Uinslet we Sigurni Uiwer ýerine ýetirdi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....