Arheologlar Müsürde 4400 ýyllyk Gün ybadathanasyny tapdy

  • 18.12.2025 22:07
  • 2.9k+

Kairiň golaýyndaky Abusir nekropolynda ýaşy, takmynan, 4400 ýyl bolan Gadymy Müsüriň Gün ybadathanasynyň harabalygy tapyldy. Bu ybadathana, çen bilen, b.e.öň 2420-nji ýyldan 2389-njy ýyl aralygynda V nesilşalygyň döwründe dolandyran faraon Niuserrä degişli bolupdyr. Bu açyş barada CBS News we Ahram Online neşirleri habar berdi.

Gazuw-agtaryş işleriniň ýolbaşçylary – Turin uniwersitetinden Massimiliano Nussolonyň we Neapol uniwersitetinden Rossana Perrilliniň maglumatlaryna görä, ýadygärlik toplumynyň meýdany 1000 inedördül metrden geçýär. Bu ýer ilkinji gezek 1901-nji ýylda Lýudwig Borhardt tarapyndan anyklandy, ýöne giň gerimli derňew işleri diňe häzir Niliň düýp çökündileriniň aşagynda ýatan ýer gurandan soň mümkin boldy.
Hünärmenler ybadathananyň käbir böleklerini tapdy: hek daşyndan ýasalan sütün binýady, ybadathananyň giriş böleginiň bölekleri, hakyky pol örtügi we gapy söýeleri. Işiň dowamynda ybadathanany suw arteriýasy bilen birleşdirýän ýapgyt basgançak hem tapyldy.
Binagärlik böleklerinden başga-da, arheologlar küşte meňzeş gadymy müsür oýny senet (sunnat) üçin iki agaç maly tapdy.
Bu obýekt Ra hudaýyna bagyşlanan az sanly ybadathanalaryň biridir. 


04.06.2026 19:55
5.8k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
7.1k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

23.05.2026 11:14
2.7k+

Bir ýadro reaktorynyň deregi üçin 9 mln sany Gün paneli gerek bolar

Häzirki zaman ýadro reaktorynyň (atom elektrik stansiýasynyň) öndürýän elektrik energiýasynyň mukdaryna ýetmek üçin takmynan 8,5–8,7 million sany Gün paneli gerek bolar. Bu barada BGR neşiriniň taýýarlan......