Ýaponiýadaky iň soňky pandalar ýurtdan gidýär

  • 18.12.2025 11:37
  • 9.2k+

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Tokio haýwanat bagyndan iki ekiz panda Hytaýa äkidiler. Olar gidenden soň Ýaponiýa ýarym asyrda ilkinji gezek pandasyz galar diýip, Kyodo agentligi habar berýär.

Tokio haýwanat bagy pandalaryň Hytaý bilen hereket edýän şertnamanyň esasynda iberilýändigini, çünki daşary ýurtda doglandygyna garamazdan ähli pandalaryň kanuny taýdan HHR-e degişlidigini nygtady. Haýwanlary äkitmek üçin güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleri we ýörite logistika meýilleşdirilýär.
Pandalar Ýaponiýanyň haýwanat baglarynda 1970-nji ýyllarda peýda boldy we HHR bilen dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hasaplanýardy. Soňky ýyllarda Ýaponiýada diňe şu ekizler galdy, galan haýwanlar kärende möhleti tamamlanandan soň yzyna gaýtaryldy.
Ibermezden ozal haýwanat bagy zerur lukmançylyk barlaglaryny geçirer we uçuş üçin şertleri taýýarlar. Myhmanlara haýwanlar üçin hoşlaşmak mümkinçiligi berler.
Şeýle-de, Kyodo Hytaýdan täze pandalary almak baradaky soragyň iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň birden sowamagy sebäpli näbelli bolup galýandygyny belleýär.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......