«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

  • 17.12.2025 15:54
  • 12k+

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi.

Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär.
Türgen öz gelen netijesini wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

«Beýikligime gidýärin, indi subut eder ýaly zat galmady. Her bir boksçy bu pursatyň geljekdigini bilýär. Ýöne haçandygyny hiç kim bilmeýär…» — diýmek bilen, Krouford şu derejä ýetiren garşydaşlaryna we ynam bildiren muşdaklaryna minnetdarlyk bildirdi.

Terens Krouford professional ringde ilkinji gezek 2008-nji ýylda çykyş etdi. Karýerasynyň dowamynda ýeňil agramda çempion, birinji ýarym orta, ýarym orta we ikinji orta agramlarda absolýut çempion, şeýle-de birinji orta diwizionda titulyň eýesi boldy. Boksçynyň hasabynda 42 ýeňiş bolup, olaryň 31-isi nokaut bilen tamamlandy. Ol ýekeje gezek hem ýeňilmedi.
2025-nji ýylyň sentýabrynda Krouford emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Saul «Kanelo» Alwaresden üstün çykdy. Ýakynda Bütindünýä boks geňeşi (WBC) Kroufordy bu söweş üçin 300 müň dollar möçberde komissiýa tölegini tölemändigi sebäpli tituldan mahrum etdi. 


düýn 14:53
7.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......