Spotify uly tehniki näsazlyk bilen ýüzbe-ýüz boldy

  • 16.12.2025 19:45
  • 2.6k+

Spotify aýdym-saz hyzmatynyň işinde uly tehniki näsazlyk bolup geçdi, bu bolsa dünýäniň ähli ýerlerinden ulanyjylaryň köpçülikleýin şikaýat etmegine getirdi.

Downdetector saýtynyň maglumatlaryna görä, näsazlyklar baradaky habarlaryň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 19:30-da boldy. Şol wagta çenli 36 müň töweregi şikaýat gelip gowuşdy. Olaryň esasy bölegi (33 müň) ABŞ-dan ulanyjylaryň paýyna düşýär. Şeýle-de, meseleler barada Kanadadaky, Beýik Britaniýadaky, Germaniýadaky, Fransiýadaky, Italiýadaky, Meksikadaky, Ýaponiýadaky, Braziliýadaky we beýleki birnäçe ýurtlardaky ulanyjylar habar berdi.
Downdetector-yň maglumatlaryna görä, ulanyjylaryň aglabasy (80%) programmada we kontenti diňlemekde näsazlyklaryň bolmagyndan zeýrendi. Habarlaryň 11%-i awtorizasiýa, 9%-i bolsa hyzmatyň web-saýtynyň işindäki bökdençlikler bilen baglanyşykly.
Spotify dünýäniň ähli ýerlerinden awtorlaryň aýdymlaryny, podkastlaryny we wideolaryny diňlemek hem görmek üçin iň uly hyzmatlaryň biridir. 2025-nji ýylyň başyndaky ýagdaýa görä, platformanyň aýda, takmynan, 675 million işjeň ulanyjysy bolup, olardan 263 million töweregi tölegli ulanyjylardyr. 

şu gün 12:35
1.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.6k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......