Paramount Street Fighter oýnunyň kino wersiýasynyň ilkinji tizerini çykardy

  • 14.12.2025 22:54
  • 2.4k+

Paramount The Game Awards 2025 dabarasynda «Street Fighter» («Köçe söweşijisi») oýny boýunça düşürilen filmiň ilkinji tizerini görkezdi. Wideony filmde baş keşpleri ýerine ýetirýän aktýorlar hödürledi.

Filmde wakalar 1993-nji ýylda bolup geçýär. Sýužet boýunça Rýu (Endrýu Kodzi) we Ken Masters (Noa Sentineo) ýene bäsdeş bolýar. Syrly Çun Li (Kallina Lýan) olary Bütindünýä söweşijiler ýaryşyna çekýär. Ýöne ýaryşlaryň arkasynda howply dildüwşük gizlenýär. Gahrymanlar diňe bir özara gatnaşyklaryny çözmän, eýsem hususy geçmişi bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar.
Aktýorlar düzümine 50 Cent (Balrog), Jeýson Momoa (Blanka), Noa Sentineo (Ken), Orwill Pek (Wega), Roman Reýns (Akuma), Endrýu Kodzi (Rýu) we Kallina Lýan (Çun Li) girdi. Filmi Kitao Sakuraý düşürýär.
Taslama franşiza eýeçilik edýän Capcom studiýasy bilen bilelikde Legendary kompaniýasy tarapyndan döredilýär. Paramount Pictures distribýutor bolup çykyş edýär.
Premýera 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabryna meýilleşdirilýär.  


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....