“Haýwanlar şäheri-2” 17 günde 1 mlrd dollar ýygnady. Bu Golliwud üçin täze rekord

  • 14.12.2025 10:25
  • 4.9k+

“Haýwanlar şäheri-2” (Зверополис-2) animasion filmi dünýä prokatynyň bary-ýogy 17 gününde 1 mlrd ABŞ dollaryny ýygnamagy başardy. The Hollywood Reporter neşiriniň maglumatlaryna görä, bu netije ähli golliwud multfilmleri, şeýle-de PG reýtingli islendik filmler üçin rekord boldy.

“Haýwanlar şäheriniň” dowamy şu ýylda milliard görkezijisine ýeten ikinji golliwud relizi boldy. Ozal bu Disney studiýasynyň “Lilo we Stiç” blokbasterine başardypdy.
Walt Disney Animation Studios üçin bu üstünlik ilkinji gezek yzygider iki filmiň milliardlarça girdeji getirendigini aňladýar, mundan öň şeýle netijäni “Moana 2” görkezipdi. 2013-nji ýyldan bäri studiýa milliarddan gowrak girdeji ýygnan bäş film çykardy. Bu ýokarda agzalanlar bilen bir hatarda “Doňan ýürek”, “Moana” we “Haýwanlar şäheri” mulfilmleridir.

“Disney Animation-da hemmeler şatlykdan we hyýallardan doly wakany gürrüň bermek üçin bu filme ýüregini, ruhuny we hyjuwyny siňdirdi. Bu netije biziň üçin örän möhüm, sebäbi bu, ilkinji nobatda, tomaşaçylaryň, dürli ýaşdaky we dünýäniň dürli künjeginden adamlaryň kinoteatra bu filme uly ekranda bilelikde tomaşa etmek üçin gelýändigini aňladýar. Bu “Haýwanlar şäheriniň” arzuwynyň hasyl bolmagydyr” – diýip, studiýanyň döredijilik müdiri Jared Buş üstünlige teswir berdi.  

Eger diňe golliwud däl-de, ähli multfilmleri göz öňünde tutsaň, onda milliard görkezijisinden geçmek boýunça iň çalt netije “Neçža aždarhalar şasyny ýeňýär” hytaý animasion filmine degişlidir. Ol diňe Hytaýda prokatyň 12 gününde 1,1 mlrd dollar gazandy. Soňra multfilm prokatda 2 mlrd dollardan gowrak ýygnap, taryhda iň girdejili multfilm boldy. 


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

11.06.2026 10:59
7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....