Boksçy Murat Gassiýew ýedi ýyldan soň WBA-nyň dünýä çempiony adyny gaýtaryp aldy

  • 13.12.2025 17:38
  • 12k+

Russiýaly Murat Gassiýew agyr agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) yzygiderli dünýä çempiony titulynyň eýesi boldy. Dubaýda geçirilen «IBA.PRO 13» ýaryşynyň esasy söweşinde ol bolgariýaly boksçy Kubrat Pulewden üstün çykdy.

12 raundlyk söweş möhletinden ir tamamlandy – Gassiýew garşydaşyny altynjy raundda nokauta gidirdi.
32 ýaşly Murat Gassiýew üçin bu üstünlik ýedi ýyldan soň dünýä çempiony adyny gaýtaryp alandygyny aňladýar. Indi onuň professional sanawynda iki ýeňliş bilen 33 ýeňiş (26-sy nokaut bilen) bar.
2016-njy ýylda Gassiýew watandaşy Denis Lebedewi ýeňip, birinji agyr agramda Halkara boks federasiýasynyň (IBF) dünýä çempiony titulyny gazandy. 2018-nji ýylda kubaly Ýuniel Dortikosy ýeňip, WBA-nyň guşagyny aldy. Ýöne şol ýyl türgen Bütindünýä boks superseriýasynyň finalynda ukrainaly Aleksandr Usikden ýeňlip, iki titulyny-da ýitirdi. 2020-nji ýylyň güýzünden bäri Gassiýew agyr agram derejesinde çykyş edýär. 


düýn 14:53
7.6k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......