«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň artisti adyny Di Kaprio berdi

  • 10.12.2025 15:46
  • 4.1k+

Amerikan aktýory Leonardo Di Kaprio «Time» žurnaly tarapyndan 2025-nji ýylyň artisti diýlip ykrar edildi. Bu barada neşiriň resmi saýtynda habar berilýär.

Žurnalyň wekilleri 30 ýyldan gowrak işiniň dowamynda Di Kaprionyň «köpleriň gözi gitjek ajaýyp karýerany» gurandygyny belleýär. Neşir aktýory dünýäniň seretmekden ýadamajak ýüzi bolan superýyldyz diýip atlandyrýar.
Žurnalistler artistiň 1993-nji ýylyň «Bu ýigidiň durmuşy» (Жизнь этого парня) filmindäki roluny ýatlap geçdi. Ol Di Kaprionyň zehininiň aýdyň subutnamasy boldy. 2025-nji ýylda ekrana onuň täze filmi – režissýor Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi çykdy. Ol tankytçylardan we tomaşaçylardan ýokary bahalara eýe boldy, şeýle-de “Altyn globus” baýragy üçin nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy boldy.
Time onuň ahyrynda dogry bolup çykýan garaşylmadyk çözgütleri kabul etmek başarnygyny hem belläp geçdi.
Häzir Leonardo Di Kaprio 51 ýaşynda. Onuň filmografiýasynda 50 töweregi film, şol sanda iň gowy aktýor hökmünde «Oskar» baýragyny getiren «Diri galan» filmi bar. Şeýle-de, artist BAFTA, «Altyn globus», «Kümüş aýy» we beýleki abraýly kino baýraklarynyň eýesidir. 


düýn 20:52
2.1k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.7k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.2k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 11:08
2.4k+

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......