“Gara eşikli adamlar” franşizasynyň bäşinji filmi çykar

  • 10.12.2025 11:56
  • 2.1k+

“Gara eşikli adamlar” (Men in Black) franşizasynyň dowamy çykar. Deadline neşiriniň ýazmagyna görä, Sony Pictures kinokompaniýasy bäşinji filmiň eýýäm işjeň ýagdaýda işlenilip düzülýändigini resmi taýdan tassyklady.

Iň gyzykly habar meşhurlyk gazanan Agent Jeýiň keşbinde Uill Smitiň uly ekrana gaýdyp gelmegi bolup biler. Aktýor ýene-de gara äýnegini we kostýumyny geýip biler: “Ýaramaz oglanlar baky” («Плохие парни навсегда») filminiň üstünde işlän ssenariçi Kris Bremner häzirki wagtda filmiň ýordumyny döretmegiň üstünde işleýär. Garalama görnüşi ýazylyp bolnandan soň, ssenariýa gözden geçirmek we tassyklamak üçin hut Smite hödürlener.
Emma, Agent Jeýiň täze filmde baş keşpde boljagy ýa-da ikinji derejedäki keşpde boljagy heniz syr bolup galýar. Şeýle hem, Tommi Li Jonsuň (Agent Keý) gaýdyp geljegi-gelmejegi we bäşinji filmiň umumy ýordumynyň nähili boljakdygy gizlin saklanýar.
Franşiza adybir Marvel komiksler seriýasyna esaslanýar. Ýerdäki başga planetadan edilýän täsiriň işjeňligine gözegçilik edýän gizlin gurama hakyndaky waka 1997-nji ýylda Barri Zonnenfeldiň asyl filmi bilen başlandy. Ondan soň 2002-nji we 2012-nji ýyllarda iki sikwel düşürildi.
Iň soňky bölegi bolsa Kris Hemswort we Tessa Tompson dagynyň baş keşpleri janlandyran 2019-njy ýyldaky “Gara eşikli adamlar: Interneşnl” filmi boldy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....