Türkmenistanda ýarganatlaryň soňky gezek 55 ýyl mundan ozal göze ilen seýrek görnüşi tapyldy

  • 10.12.2025 11:11
  • 12k+

Germaniýanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekillerinden ybarat halkara alymlar topary Berliniň Tebigaty öwreniş muzeýiniň (Museum für Naturkunde Berlin) ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garagum sährasynda 50 ýyldan gowrak wagt bäri gabat gelmedik jandar — uzyn gulakly türküstan ýarganatynyň (Plecotus turkmenicus) ýaşaýandygyny anyklady. Bu barada Turkmenportal «nCa» portalyna salgylanyp habar berdi. 

Şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen halkara ylmy ekspedisiýasynyň esasy maksady bu jandary gözlemekden ybarat boldy. Alymlar Garagum çöllügindäki taryhy nokatlary hem-de onuň ýaşamagy mümkin bolan beýleki ýerleri barladylar. Ilki bilen, kert gaýanyň jaýrygynda uzyn gulakly türküstan ýarganatynyň çagasy tapyldy. Şol ýerden 87 kilometr uzaklykda, Özbegistan bilen serhetýaka zolakdaky gowakda bolsa, jandaryň uly erkek görnüşi anyklanyldy. Şeýlelikde, 1970-nji ýyldan bäri ilkinji gezek uzyn gulakly türküstan ýarganatyna duş gelindi. Şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýanyň uçýan ýarganatlarynyň ewolýusiýasynyň taryhyny öwrenmek üçin genetiki barlaglara niýetlenen nusgalar toplanyldy.
Bu çöl jandarynyň ozal diňe Russiýanyň muzeý ýygyndylaryndaky birnäçe nusgalar arkaly mälim bolan diri görnüşleriniň ilkinji gezek suraty, wideogörnüşi we audioýazgysy degişli topar tarapyndan ýazga geçirildi.
Munuň özi Türkmenistanyň uçýan ýarganatlarynyň faunasyny barlagdan geçirmek we Gyzyl kitaby täzeden düzmek işleriniň çäginde uzyn gulakly türküstan ýarganaty barada maglumatlaryň gytlygy sebäpli iň ýokary ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň serhetýaka çäklerindäki Garagum çölünde endemik hasaplanylýandygy üçin bu jandaryň ýok bolup giden bolmagy ahmal diýen çaklamalar bardy.
Bu görnüş, ähtimal, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegi sebäpli çynlakaý howpuň astyndadyr. Merkezi Aziýanyň çöllerinde temperaturanyň ýokarlanmagy netijesinde dowam edýän guraklyk ösümlik örtüginiň azalmagyna, munuň bilen birlikde uzyn gulakly türküstan ýarganatynyň iýmit binýadynyň we ýaşamak üçin ýerleriniň azalmagyna getirýär.
Türkmenistanyň Hökümeti häzirki döwürde uzyn gulakly türküstan ýarganatynyň täzeden tapylmagyny 50 000 gektardan gowrak meýdany eýelejek tebigy goraghananyň döredilmegi bilen baglanyşykly meýilnamalaryna goşdy. Bu taslama diňe bir endemik jandaryň däl, eýsem, çöl zolaklarynyň ähli biodürlüligine — ýabany gulan we jeren ýaly iri haýwanlara çenli peýda getirer.


düýn 14:41
4.7k+

Ozon türkmen bazaryna girýär

Russiýanyň Ozon onlaýn söwda platformasy Türkmenistanyň ilaty üçin satuwlaryň başlanandygyny yglan etdi. Alyjylar indi ozon.tm platformasynda çagalara niýetlenen önümlerden başlap, hojalyk harytlaryna çenli......

düýn 01:10
5.3k+

Türkmenistanda aprel aýyna birnäçe çäreler meýilleşdirilýär

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen esasy çäreleriň Tertibi maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi....

27.03.2026 14:04
1.8k+

Daşoguzda dessançy bagşylaryň festiwaly açyldy

26-njy martda Daşoguz şäheriniň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda dessançy bagşylaryň «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwaly açyldy....

27.03.2026 10:26
3.1k+

Ussat sazanda Şükür bagşynyň 195 ýyllygy bellenildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen saz sungatynyň görnükli wekili, ussat sazanda Şükür bagşynyň doglan gününiň 195 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. ...