«Awataryň» üçünji bölümini döretmek üçin $400 mln sarp edildi

  • 10.12.2025 11:00
  • 4.9k+

Jeýms Kemeronyň «Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) filminiň önümçilik býujeti, bilermenleriň hasaplamalary boýunça, azyndan 400 million ABŞ dollaryna barabar.

Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, şeýle mukdar blokbasteriň dowamynyň bahasy bilen deňleşýär. Ikinji bölümiň önümçiligi üçin 460 million dollardan gowrak sarp edilipdi.
Neşir ýokary çykdajylaryň COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşyklydygyny görkezýär: girizilen lokdaun sebäpli režissýoryň önümçilik toparyna iş üçin iki gezek tölemeli boldy.
«Awatar 4» filminiň çykmagyny üpjün etmek üçin franşizanyň üçünji bölümi dünýä prokatynda bir milliard dollardan gowrak gazanmaly.
Şol bir wagtyň özünde, Jeýms Kemeronyň franşizany dowam etdirmek işine göni başlajakdygy ýa-da ýokdugy belli däl. Ýakynda KHBS-de kinematografçynyň täze «Terminatoryň» ssenarisiniň üstünde işleýändigi barada gürrüňler peýda boldy.
«Awatar: Ot we kül» filminiň premýerasy 19-njy dekabra meýilleşdirilýär. 


düýn 20:52
2.1k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.7k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.2k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 11:08
2.4k+

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......