Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistana sapar bilen geler

  • 10.12.2025 10:38
  • 6.8k+

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýakyn günlerde Türkmenistana we Gazagystana saparlary amala aşyrar. Eýranyň MNA agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Esmail Bagai aýtdy.

Eýranyň DIM-niň wekili Esmail Bagai Aşgabada we Astana boljak saparlary baradaky teswirler bilen birlikde, Azerbaýjan bilen häzirki wagtda alnyp barylýan maslahatlaşmalary, şeýle hem Russiýanyň we Belarusyň ýokary derejeli resmileri bilen öňde boljak duşuşyklary belläp geçdi.
Aşgabada saparyň resmi maksady yglan edilmedik bolsa-da, Prezident Pezeşkianyň Türkmenistana saparynyň iri halkara çäreleriň çäklerinde geçirilmegine garaşylýar. Ýakyn günlerde Türkmenistanyň paýtagtynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy geçiriler, ol duşuşyk üçin mümkin bolan meýdança bolup biler.


şu gün 07:51
662

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
903

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......