Killian Mýorfi bilen doly metražly «Kesgir gaşlar. Ölmez adam» filmi martda çykar  

  • 09.12.2025 21:25
  • 2.3k+

Meşhur serialyň dowamy boljak «Kesgir gaşlar. Ölmez adam» (Острые козырьки. Бессмертный человек) filmi 2026-njy ýylyň 6-njy martynda prokata çykar. Netflix resmi afişany we premýeranyň senesini sosial ulgamlarda paýlaşdy.

Baş keşbi Killian Mýorfiniň ýerine ýetirmegindäki film öz ýoluny çäkli kinoprokatdan başlar. Iki hepdeden soň, 20-nji martda ol Netflix akym hyzmatynda sanly görnüşde çykar.
Doly metražly taslama 2013-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda Bi-bi-side ýaýlyma berlen serialda tamamlanan wakanyň dowamy bolar. Serial 1920-nji ýyllarda Birmingemde Şelbi jenaýat maşgalasy barada gürrüň beripdi, onuň sýužeti bolsa 1938-nji ýyllarda, Ikinji jahan urşy başlamazdan ozal tamamlandy.
Killian Mýorfi ýene-de baş gahryman Tommi Şelbiniň keşbini ýerine ýetirer. Şeýle-de, aktýorlar düzümine Stiwen Grem, Tim Rot, Rebekka Fergýuson, Barri Keogan, Sofi Randl, Ned Dennehi, Paki Li we Ien Pek girdi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....