2026-njy ýylyň “Altyn globus” baýragyna dalaşgärler yglan edildi

  • 09.12.2025 10:25
  • 7.5k+

“Altyn globus” baýragynyň guramaçylary 2026-njy ýylyň baýragyna dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Dalaşgär görkezilmek boýunça Pol Tomas Andersonyň “Bir söweşden soň beýleki” (Битва за битвой) filmi öňdebaryjy boldy. Ol dokuz nominasiýa aldy diýip, Variety ýazýar.

Täze film “Mawy Aý”, “Bugoniýa”, “Marti beýik”, “Başga ýol ýok” we “Täze tolkun” filmleri bilen bir hatarda “Iň gowy film – mýuzikl ýa-da komediýa” kategoriýasynda baýrak üçin dalaşgär görkezildi.
“Iň gowy film – drama” kategoriýasynda baýrak üçin “Frankenşteýn”, “Gamnet”, “Ýönekeý bir tötänlik”, “Gizlin agent”, “Duýgy gymmatlygy” we “Günäliler” filmleri bäsleşer.
Nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy filmiň yzyndan sekiz nominasiýa bilen Ýoakim Trieriň “Duýgy gymmatlygy” (Сентиментальная ценность) we ýedi nominasiýa bilen Raýan Kugleriň “Günäliler” (Грешники) filmi gelýär.
“Altyn globus” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 11-nji ýanwarda geçiriler we hasap boýunça 83-nji bolar.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....