ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi ýylyň iň gowy filmlerini saýlady

  • 08.12.2025 13:19
  • 5.2k+

ABŞ-nyň Milli kinotankytçylar geňeşi (National Board of Review) «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmini soňlap barýan 2025-nji ýylyň iň gowy filmi diýip atlandyrdy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Baýraklar beýleki esasy kategoriýalarda hem gowşuryldy: Pol Tomas Anderson iň gowy režissýor, Leonardo Di Kaprio erkek keşbini iň gowy ýerine ýetiriji diýlip ykrar edildi. Çeýz Infiniti «Ýylyň öňegidişligi» baýragyny aldy.
Zenanlaryň aktýorlyk kategoriýasynda baýragy «Aýagym bolan bolsa, seni deperdim» (Я бы тебя пнула, если бы могла) filmindäki keşbi üçin Rouz Birn aldy.
Režissýor Raýan Kugleriň «Günäliler» (Грешники) horror filmi iň gowy original ssenariý üçin baýraga mynasyp boldy.
«Otly düýşleri» (Сны поездов) iň gowy adaptirlenen ssenariý üçin tapawutlandy. Film Denis Jonsonyň adybir powesti esasynda düşürildi.
«Bir söweşden soň beýleki» filmi ýokary baýraga ilkinji gezek mynasyp bolanok: ozal ol Gotham Awards baýragyny aldy we Nýu-Ýorkuň Kinotankytçylar bileleşigi tarapyndan ykrar edildi.  


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....